SPORT WE SYÝAHAT

Ronaldunyň Türkmenistana gelmegi mümkin

Portugaliýaly ýyldyz Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» kluby bilen şertnamasyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy. Diýmek, futbolçy karýerasyny azyndan 42 ýaşyna çenli dowam etdirer.
Täze şertnama diňe bir arabystanly däl, eýsem, türkmenistanly futbol janköýerlerini hem heýjana salýar. AFK-nyň täze möwsüminde «Al-Nassr» Çempionlar ligasy ― 2-de ýaryşar. Bu ýaryşda ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary hem bar. Galyberse, «Ahal» hem saýlama duşuşykda Täjigistanyň «Regar-TadAZ»-yny ýeňip bilse, şu ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna girer.
Diýmek, Kriştianu Ronaldunyň türkmen toparlary bilen bir toparçada ýaryşyp, ýurdumyza gelmek ähtimallygy döredi. Öň şeýle mümkinçilik 2023-nji ýylda «Ahalyň» Çempionlar ligasyna gatnaşan möwsüminde döräpdi. Belki, bu arzuwymyz iki ýyl soň amala aşyp biler.