SPORT WE SYÝAHAT

Ronaldunyň kapitan daňysy auksionda satylar

Serbiýa bilen bolan duşuşykda (2:2) hasap edilmedik goldan soň Portugalyýanyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň futbol meýdanyna zyňan kapitan daňysyny auksiona satuwa çykardylar. Bu barada «Tuttomercatoweb»-e salgylanmak bilen «gazeta.ru» habar berýär.
2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama oýnunda ikinji taýma goşulan üçünji taýmda Ronaldu jerime meýdançasynyň daşyndan pökgini urupdy. Emma Serbiýanyň goragçylarynyň biri ony derwezeden çykarypdy. Portugaliýanyň oýunçylary emini pökginiň derwezäniň çyzygyndan geçendigini aýdypdylar, emma ol goly hasap etmändi. Gaharyny saklap bilmedik Ronalda bolsa sary kartoçka görkezipdi. Hüjümçi eminiň kararyny ýüregine ýakyn kabul edipdi we gaharyna kapitan daňysyny futbol meýdanyna taşlapdy.
Daňyny stadionyň işgärleriniň biri tapyp alan eken.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply