Ronaldu «MÝ-dan» nägile, ol «Barselona» geçmegi ahmal

«Mançester Ýunaýtediň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu klubdaky ýagdaýlardan kanagatlanmaýandygyny we ispan «Barselonasyna» geçmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada futbolçynyň ýakyn gurşawyna elýeterliligi bolan Diario Sport neşiri ýazýar diýip, gazeta.ru belleýär.

Neşiriň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Ronaldu eýýäm agenti Žorže Mendeşe täze klub gözläp başlamagy tabşyrdy.
Ronaldu klubyň düzgünsiz kadr syýasatyndan ýadady we häzirki baş tälimçi Ralf Rangnigiň işinden nägile.
Häzirki wagtda «Mançester Ýunaýted» Angliýanyň Premýer ligasynda bary-ýogy ýedinji orunda ýerleşýär. Iki duşuşygy ätiýaçda bardygyna garamazdan, birinji orunda barýan «Mançester Sitiden» 22 utuk yzda. Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda Ronaldu topardaşlary bilen Madridiň «Atletikosy» bilen duşuşar.

Adblock
detector