“Arkadag” we “Al-Nassr” toparlarynyň arasynda 18-nji fewralda Er-Riýad şäherinde geçiriljek jogap duşuşygyna arap toparynyň ýyldyz futbolçylary gatnaşarmy? Şu gün Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşykdan soňky metbugat maslahatynda žurnalistleri şu sowal aýratyn gyzyklandyrdy.
Sowala toparyň baş tälimçisi Žorže Žezuş her bir duşuşyk üçin ýeri gelende çözgüdiň kabul edilýändigini aýdyp jogap berdi. Saud Arabystanyna dolanyp baransoň, topar ýerli ligada duşuşyk geçirer. “Arkadag” topary bilen boljak jogap duşuşygy üçin çözgüt şondan soň kabul ediler.
Dünýä metbugatynda ýazylyşy ýaly, toparyň super ýyldyzy Kriştianu Ronaldu üç duşuşyklyk arakesmeden soňra ýene duşuşyklara gatnaşar. Onuň we beýleki ýyldyzlaryň 18-nji fewraldaky duşuşykda bolup-bolmajakdygyny wagt görkezer.
Ronaldu jogap duşuşygyna gatnaşarmy? Žezuş jogap berdi
12
Feb

