DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ronaldu indi hemmeler üçin elýeterli

“Transfermarkt” portaly Saud Arabystanynyň premýer-ligasynyň futbolçylarynyň bazar bahalary barada sanawy çap etdi. Şoňa görä, “Al-Nasr” toparynyň portugal ýyldyzy Kristiano Ronaldonyň gymmaty 15 million ýewrodan 12 million ýewro çenli azaldy.
Bu, “Ballon d’Or”, ýagny “Altyn pökgi” baýragyny 5 gezek gazanan 39 ýaşly
futbolçynyň karýerasyndaky iň pes görkezijisidir.
Birinji ýerde “Al-Ittihad” toparynyň fransuz ýarymgoragçysy Moussa Diabi (35
million ýewro) barýar.
Bu möwsümde Ronaldo “Al-Nasr” topary bilen ähli ýaryşlarda 19 duşuşykda
oýnap, 16 pökgi geçirdi.