DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ronaldu iň soňky gezek dünýä çempionatyna gatnaşar

Portugaliýanyň ýygyndysynyň we “Al-Nasr” klubynyň ýyldyz hüjümçisi Krıstıano Ronaldo 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty onuň üçin iň soňkysy bolar.
“Çynlakaý aýdýan, hawa,” — diýip, Ronaldo Saud forumynda wideoaragatnaşyk arkaly çykyş edip, 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty onuň üçin soňkysy bolarmy diýen soraga jogap berdi.
“Şol wagt meniň ýaşym 41 bolar, men pikir edýärin, şol pursat gitmeli bolaryn,” — diýip, belledi.
Portugaliýanyň ýygyndysy häzirlikçe ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe bolmady.
Portugal ýygyndaky ýene-de bir duşuykda ýeňiş gazanan halatynda, dünýä çempionatyna gatnaşar.