“Al-Nasr” toparynyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Ginnesiň rekordlar kitabyna öz adyny ýazdyrdy. Bu gezek “YouTube” kanaly oňa rekord gazanmaga kömek etdi. Ronaldu iň çalt abuna sany boýunça rekord goýdy.
Portugaliýaly hüjümçiniň “YouTube” kanalyna ilkinji 24 sagatda 19,729,827 adam abuna boldy. Hut şu netije sebäpli futbolçy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Ronaldunyň 90 minudyň içinde ilkinji million abunaçylara eýe bolandygyny ýatladýarys. Bu wideohosting taryhyndaky iň tiz görkeziji hasaplanýar. Kanal açylandan alty gün soň, sportçynyň abunaçylarynyň sany 50 milliondan geçdi.
39 ýaşly Ronaldu üçin Ginnesiň rekordlar kitabynda bu 41-nji rekorddyr. Bu görkeziji bilen, ol esasy bäsdeşi argentinaly Lionel Messini ýetdi.