Ronaldu doglan güni mynasybetli täsin sowgat aldy
Ýaşyl meýdançalaryň portugal ýyldyzy Kristiano Ronaldu 40 ýaşyny belledi. Bu ýyldyz futbolçy üçin garaşylmadyk sowgat heýkeltaraş Serjio Furnariden geldi. Ol dünýäniň iň uly şäherleriniň biri bolan Nýu-Ýorkuň meşhur Taýms-skwer meýdanynda Ronaldonyň bürünçden heýlekili oturtdy. Heýkeliň beýikli 3.65 metre deňdir.
Heýkeltaraş Ronaldony diňe bir türgen däl, eýsem dünýäniň dürli künjeginde milliardlarça
adamlary ylham beriji hökmünde medeni taýdan ebedileşdirmegi maksat edindi.
Ol ronaldony Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň eşiginde suratlandyrdy. Heýkeliň açylyş
dabarasyna türgeniň köp sanly janköýerleri gatnaşdy we deprekler bilen meşhur futbolçynyň
gol geçirenden soňra beýan edýän “Siu”, ýagny “Hawa” diýen sözüni gaýtaladylar.