“Romanyň” eýeleri indi APL klubyna eýeçilik ederler
“Ewertonyň” eýeçiligindäki “Blue Heaven Holdings” kompaniýasy klubyň paýnamalarynyň köpüsini Friedkin Groupa satdy. Iň soňky maglumata görä, şertnama şu gün, 23-nji sentýabrda tamamlandy. Bu barada italýan žurnalisti Fabrisio Romano habar berýär.
Amerikaly telekeçi Jon Tekstoryň klubyň dolandyryş bukjasyny almak mümkinçiligi üçin güýçli bäsdeşlik edendigi hem mälim. Ol uzak wagtdan bäri, Liwerpul sebitinden Angliýa toparyny satyn almak üçin iň halanýanlaryň biri hasaplandy.
Friedkin Group geçen tomus transfer bazarynyň çäginde takmynan 100 million ýewro sarp eden “Roma” klubyna hem eýeçilik edýär.