Hytaýyň «Robot Era» kompaniýasy tarapyndan öndürilen iki aýakly robot ylgamak boýunça iň ýokary netijäni görkezdi. «Star1» diýlip atlandyrylan bu robot synagyň dowamynda sagatda 12,98 kilometr tizlik bilen ylgamagy başardy. Ol otly, daşly we çägeli ýerlerde hereket edip, bu tizligini 34 minutlap saklamagy başardy. Robotyň boýunyň uzynlygy 171 santimetre, agramy 65 kilograma barabardyr.
Inženerler «Star1-iň» gurluşynda güýçli elektrik hereketlendirijileriniň we ýokary takyklyga eýe bolan reduktorlaryň ulanylandygyny aýdýarlar. Oturdylan emeli aňyň algoritmleri bolsa robotyň elleriniň we aýaklarynyň hereketlerine gözegçilik edýär.
Robot rekord goýdy

31
Oct