Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we
şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala
gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini
artdyrmak, hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky
döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap
bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Munuň şeýledigine ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim, medeniýet ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde, çagalar sungat mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmegi ýaly oňyn özgertmeler aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdymyzyň çagalar sungat mekdeplerinde başlangyç saz äleminiň syrlaryny öwredýän mugallymlaryň üstüne ýagny, her bir okuwçyda saza bolan höwesini ýokarlandyrmak, baýlaşdyrmak, sazyň ilkinji basgançaklaryny öweretmek ýaly esasy wezipeler düşýär.
Sungat mekdeplerinde okaýan çagalara ritmi öwretmek esasy wezipede durýar.
Çagalaryň her biriniň ritmi duýmak endikleri has ýaşlykdan hem başlap bilýär.
Çagalaryň köpüsi çagalar baglaryndan başlap tans etmeklige dürli hereketleri
etmek bilen gyzyklanýarlar. Köp çagalar bolsa ritm kakmaga deprek çalmaga
ukyply höwesjeň bolýarlar. Olar öz oýnaýan oýunlarynda taýak kakyp ritmi öz
aňlarynda terbiýeleýärler. Çagalar sungat mekdebinde ilki okuwa baran okuwçyny
notalar bilen saz guraly bilen tanyşdyrmak hökmandyr. Soňra ilkinji sagatlarda
olara has ýönekeý ritmleri bermeli.
Köplenç köp çagalarda ritm duýmak endikleri okuwa gelen wagty hem kämil
derejede gelýär. Çaganyň ýatkeşligi has gowy bolsa onda onuň bilen ritmiki
işleşmek aňsat bolýar. Mugallym ilki bilen ritmi nota dowamlylygynda dogry edip
haýaljyk görnüşde çalyp bermeli. Ony taktma takt görnüşinde çalyp öwretmeli. Birinji takt:ta-ti-ti, ikinji takt:ta,ti-ti, üçünji takt ti-ti, ti-ti. dördünji takt ta-am.
Şeýle görnüşde sazy soňuna çenli okuwça görkezmeli.
Ikinji etapda nämedir bir zadyň üstünde kakdyryp öwretmek. Partanyň üstüne ýa
ýassyjaklaryň üstünde ritmi kakmagy öwretmeli. Bu etapda eýýäm sazy derrew
başlamak gerek. Birinji etapdaka garanda biraz çalt tempde almalydyr.
Okuwçylar bilen ilki ýönekeýje ritmli sazlardan başlanýan bolsa, soňra her dürli
ölçegli ritmli ýuwaş-ýuwaşdan çylşyrymlaşýan sazlar okuw meýilnamalaryna
goşmalydyr.ritm barada okuwçylar sungat mekdeplerinde okuwa gelen wagtynda
solfejio dersinden hem öwredilýär. Ýöne ondan daşary çagalar öz öýlerinde dürli
ýerlerde taýýarlyk görmekleri hökmandyr. Çagalar uzyn we gysga owazly sesleri
tapawutlandyryp bilýändirler. Meselem; käwagt nota dowamlylygynda çärýeklik nota gabat gelýär. Ony mugallym “Ta” diýip öwretse, haçanda sekizlik nota gabat gelende ony “Ti”diýip aýtýar. Iki sekizlik nota bilelikde gelse “ti-ti”diýýär. Ýarymlyk notany “ta-aam” diýip çekip aýdyp öwretýär.
Mugallym ilki bilen ritm öwretmeklik üçin okuwçynyň ýatkeşligini onuň
ýadyny barlap görmeli. Soňra berlen eseriň ölçegini görkezmeli. Eger ölçeg 4/2
bolsa onda ony 1-i, 2-i diýip sanap öwretmeli. Ölçeg 4/4 ýa-da 4/3 bolsa onuň
sanalyşy üýtgeýär. Bulardan başgada çylşyrymly ölçeglerde ritm üýtgeýär. Ritmi
çagalara has gowy öwretmeklik üçin olaryň köpçülik (ansambl) bolup, fortepiano
bilen goşulyp sazlar çalnanda okuwçylarda ritm kadalarynyň örän berk
saklanmagyny terbiýeleýär. Şonuň üçin hem çagalara notany doly tanap okap
başlan gününden olary köpçilik bolup saz çalmaklyga itermeli.
Bu usullary mugallym sapak geçýän her bir okuwçysy bilen geçip olara
öwredip bilýär. Çagalar sungat mekdeplerine okaýan her bir okuwçylarda ritmi
terbiýelemek işlerinde olaryň içinden hem daşyndan nota okamak oňa dirižýorlyk
etmek usullary örän oňat netije berip bilýär. Saz sungatynda ritmi gowy bilmek oňa
gowy edip düşüp bilmek fortepiano bilen çalynýan saz eserlerinde, ansambllarda esasy orun tutýar. Ritmi çagalarda terbiýelemek solfejio, dirižýorlyk sapaklarynda
geçilýär. Horeografiýa sungatynda tans edýän her bir okuwçylara ritme düşmekligi
öwretmek üçin ýörite Ritmika diýlen sapak geçirilýär. Bu sapaklar bolsa geljekde
her bir okuwçyda gowy netijeleri berip biler.
Dinara Dilakowa Köýtendag etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň ýörite fortepiano
bölüminiň müdiri