Ringde — ýetginjek boksçular

Türkmenabat şäherindäki 8-nji sport mekdepde boks boýunça Lebap welaýatyň birinjiligi geçirildi. Oňa welaýatyň etrap-şäherlerinden 2010 ― 2011-nji ýylda doglan ýetginjekleriň 149-sy gatnaşdy. Türgenler 15 agram derejesi boýunça özaralarynda güýç synanyşdylar.

Çekeleşikli geçirilen duşuşyklarda türkmenabatly türgenler birinjiligi elden bermediler. Gazanylan utuklaryň jemi boýunça Döwletli etrabynyň topary ikinji orna mynasyp boldy. Köýtendagly ýaş boksçylar bolsa ýaryşyň üçünji ornuna düşdüler. Ýaryşyň dowamynda Farap we Halaç etraplarynyň ýetginjekleri hem üstünlikli çykyş etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector