Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Rimde ilkinji pissamat oturtdylar

Apr 30, 2021

Italiýada pissamat döretdiler. «Российская газета»-nyň ýazmagyna görä, Rimde Bolonýa Meýdanynda «Mr.Go.Pizza» atly täsin enjam oturtdylar. Ol daşyndan içgileri we çipsi satýan awtomatlara meňzeýär. Hakykatda welin, onuň içinde Italiýanyň milli naharynyň naýbaşysyny taýýarlaýan giden bir laboratoriýa ýerleşýär.
Geljekki alyjylaryň göwnüne gara gitmez ýaly, täze enjamy döredijiler internete pissanyň taýýarlanylyşyny dolulygyna görkezýän wideo goýdular. Onda adam gatnaşmazdan mikseriň uny we suwy garyp, alyjylaryň öwrenişen hamyrynyň taýýarlanylýandygy görkezilýär. Soňra ol pissanyň görnüşi bolar ýaly ediň ýukaja we tegelek şekilde ýaýylýar. Maşyn müşderiniň saýlan görnüşine laýyklykda goşmaly zatlary goşýar we 380° gyzgynlykda bişirilip başlaýar. Soňundan pissa karton gaba ýerleşdirilýär we alyja äberilýär. Bu işleriň hemmesine üç minut töweregi wagt sarp edilýär.

Leave a Reply