RG we HE müdirligi ýertitreme hadysalaryndaky dessin hereket bilen bagly okuw maslahatlaryny geçirdi
Lebap welaýatynyň etraplaryndaky we Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçy düzüminiň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçi-usulyýetçileriniň hem-de orta mekdepleriň ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okadýan mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda «Ýertitreme mahalynda we ýertitremeden soňra dessin hereket etmegi öwretmek» diýen mowzukda usuly okuw maslahatlary geçirildi.
Maslahatlaryň dowamynda oňa gatnaşyjylara ýertitreme wagtynda we ýertitremeden soň okuwçylara howpsuz hereket etmegi öwretmegiň zerurdygy barada giňişleýin düşündirildi. Şertli «Ýertitreme» hadysasy boýunça duýduryş berlenden soň mekdep okuwçylary ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinde ýertitremede özüňi alyp barmagyň düzgünleri boýunça alan bilimlerini amaly ýagdaýda ýerine ýetirdiler.
Mekdep okuwçylarynyň taýýarlan sahna oýunlary, mekdeplerde döredilen «Raýat goranyşy burçy» hem-de ýaş suratkeşleriň taýýarlan sergileri bu çärelere gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Lebap welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Türkmenabat halas ediş toparynyň guramagynda tiz täsir ediş awtoulagynyň hem-de halas ediş enjamlarynyň niýetlenişi barada gürrüň berildi we hünärmenler tarapyndan okuwçylara halas ediş işleriniň geçirilişi boýunça hereketler görkezildi.