SPORT WE SYÝAHAT

Resmi: Usman Dembele PSŽ-niň futbolçysy!

PSŽ «Barselonanyň» we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Usman Dembeleniň düzüme goşulandygyny resmi ýagdaýda yglan etdi.

Pariž klubynyň resmi saýtynyň berýän maglumatlaryna görä, 26 ýaşly fransiýaly futbolçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri PSŽ-niň bu transfer üçin «Barselona» 50 million ýewro töländigini habar berýärler.

Geçen möwsümde «Barselonada» 35 duşuşyk geçiren Dembele 8 gol geçirip, 9 goluň hem assistini berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: