SPORT WE SYÝAHAT

Resmi: Lampard ― «Çelsiniň» baş tälimçisi

«Çelsi» futbol kluby möwsümiň ahyryna çenli  Frank Lampardyň baş tälimçi wezipesini ýerine ýetiriji edip bellenendigini habar berdi.

Lampard 2019 ― 2021-nji ýyllarda-da «Çelsä» tälim beripdi. 2-nji aprelde «Çelsi» Grem Potteri işinden aýyrdy.

Habarda: «Bu hereket «gökler» bilen ajaýyp işleri başdan geçiren, üç gezek premýer-liganyň çempiony we Mýunhende Çempionlar ligasynda ýeňiji bolan Frank üçin «Stemford Briže» gaýdyp gelmekligi aňladýar. Ol klub bilen taryha giren ýeňişleri gazandy, ýene oňa ynanýarys» diýilýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: