Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň hünärmenleriniň alyp barýan ylmy-gorag işleriniň netijesinde, ýitip ýok bolmak howpy abanýan guşlaryň sanyny ep-esli artdyrmak başartdy. Hususan-da, goraghanada adaty syçançy, bürgüt, ýylançy gyrgy, gajar, sähra göwenegi, togdary, gyzylbaş bezbeltek, hüwi we çöl serçesi ýaly guşlaryň görnüşleriniň sany köpeldildi. 1927-nji ýylda döredilen we 34 müň 600 gektar meýdany eýeleýän bu goraghanada Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen endemiki ösümlikleriň, şol sanda Dimonyň ýowşanynyň we beýleki dermanlyk ösümlikleriň goragy hem-de ylmy barlaglary yzygiderli alnyp barylýar.
Häzirki wagtda goraghananyň hünärmenleri tarapyndan ýazky meýdan gözegçilik işleri geçirilip, ösümlikleriň we haýwanlaryň durmuşyndaky möwsümleýin üýtgeşmeler hasaba alynýar. Ýazky bag ekişliginiň çäginde sähranyň esasy bezegi bolan sazak we sözen agaçlarynyň tohumlary ekilip, maý aýynda haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň nobatdaky sanawyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen birlikde, Türkmenabat — Aşgabat demir we awtomobil ýollarynyň ugrunda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen jemi 60 kilometrlik gorag zolagyny döretmek boýunça ýazky sürüm işleri ýerine ýetirilýär.
Repetekde ýitip, ýok bolup barýan jandarlaryň sany artdyrylýar
14
May

