JEMGYÝET

Repetekde okuw-amaly maslahaty geçirildi

Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasynda Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň döwlet biosfera tebigy goraghanasy bilen bilelikde guramagynda «Garagum sährasy — gözellikleriň mesgeni» atly okuw-amaly maslahaty geçirildi.
Onda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Diýarymyzy bagy-bossanlyga
öwürmek ugrunda ýetilen sepgitler, ýurt, sebit hem-de dünýä ähmiýetli döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan giň göwrümli işler, Garagum sährasynyň şol sanda ýurdumyzda ilkinji döredilen Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasynyň biodürlüligi, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi barada giňişleýin gürrüň edildi.
Okuw-amaly maslahatyň dowamynda goraghananyň tebigy aýratynlyklary, täsin tebigaty, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde şol gözellikleri gorap saklamagyň hem-de ýerlerde, edara-kärhanalarda, ilatyň arasynda daşky gurşawy goramak we ekologiýa babatynda wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmegiň meselelerine seredilip geçildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: