Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasynda «Garagum sährasy — gözellikler mekany» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.
Maslahatda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, şeýle hem Garagum sährasynyň biodürlüligini gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi. Çärä gatnaşyjylar 750-den gowrak gül ösümliginiň we 200-den gowrak guşuň ýaşaýan ýeri bolan Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar.
Repetekde Garagum sährasynyň biodürlüligini goramak boýunça işler alnyp barylýar
04
May

