JEMGYÝET

Repetek döwlet biosfera goraghanasynda tebigaty ýangyndan goramaga bagyşlanan okuw geçirildi

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi bilelikde Repetek döwlet biosfera goraghanasynda «Garagum sährasy — gözelligiň asyl nusgasy» atly okuw maslahaty geçirildi. 

Okuw maslahatynda 34 müň 600 gektar meýdany eýeleýän bu goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsini ýangyn we beýleki howplardan goramak barada täsirli gürrüňler edildi.

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatdan 70 kilometr Günorta-Günbatarda, Garagum çölünde ýerleşen bu goraghanada häzirki wagtda süýdemdirijileriň 29, guşlaryň 202, süýrenjileriň 22, oňurgasyzlaryň 1343 görnüşiniň, şeýle-de ösümlikleriň 32 maşgalasyna degişli 120 görnüşiniň duş gelýändigi anyklanyldy. Goraghanadaky haýwanlaryň 22 görnüşi Türkmenistanyň  Gyzyl kitabyna, 5-si hem halkara derejede Gyzyl kitaba girizilendir.

Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň düzümine girýän «Ýerajy» tebigy çäkli goraghanasy hem 30 müň gektara barabar bolup, şonuň 90 müň inedördül metr meýdanyny dürli göwrümdäki akar suwly köller tutýar. Olarda balyklaryň 10 töweregi görnüşi bolup, olar kölde düşläp geçýän we hemişelik ýaşaýan guşlaryň iýmitlik binýadynyň esasy bölegini düzýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: