Repetegiň ösümlik we haýwanat dünýäsi baýlaşýar
Repetek döwlet biosfera goraghanasynda alnyp barlan tebigatyň ýyl ýazgylaryna laýyklykda, onuň çäklerinde ösümlikleriň 125 görnüşi bolup, olaryň 76-synyň birýyllyk ösümliklerdigi bellenildi.
Şolaryň arasynda bu çäkleriň bezegi, dürli guşlaryň we haýwanlaryň mesgeni bolan ojar tokaýlyklary agdyklyk edýär. Bu täsin tokaýlyklaryň ösümlik dünýäsini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, nahalhanalarymyzda sazakdyr sözen ýaly çöl ösümlikleri tohumlaryndan köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň ýaş nahallary ösümlikleriň seýrek ýerlerine, ýollaryň iki gyrasyna oturdylýar.
Soňky gözegçilikleriň maglumatlaryna laýyklykda goraghanada süýdemdirijileriň 29, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň bir, guşlaryň 200-den gowrak, oňurgasyzlaryň 1343 görnüşi bolup, olaryň birnäçesi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Bu sanawa goşulyp, gorag astyna alnan janly-jandarlaryň arasynda sähramyzyň bezegi bolan keýik, şeýle-de zemzen, kepjebaş, garagulak ýaly seýrek duşýan haýwanlar bar. Ýokarda ady agzalan kitaba guşlaryň hem birnäçe görnüşi girizildi. Olara sähra göwenegi, gyzgylt gotan, buýraly gotan, gajar, balykçy bürgüt, togdary, çöl serçesi, ýylançy gyrgy, hüwi hem-de seýrek duş gelýän guşlar degişlidir.