BIZE YAZYARLAR

Reňkleriň baýramy

Hemmämize mälim bolşy ýaly tebigatyň özünde 7 sany reňk bardyr. Muny hatda körpeje çagajyklarymyz hem bilýän bolsa gerek. Ýaz paslynda ýagyş ýagandan soň emele gelýän älemgoşary synlanymyzda 7 sany reňkiň bardygyny görýäris. Biziň gündelik durmuşymyzda ulanýan reňklerimiziň galany bolsa emeli usulda ýüze çykarylan reňklerdir. Hat-da ak we gara reňkler hem tebigatda ýok bolup, olar emeli reňklere degişli hasaplanýar. Her reňkiň öz häsiýeti, adama ýetirýän täsiri özboluşlydyr. Iň gymmat reňk bolsa mämişi (fiolet) reňkdir.
Dünýäde her döwletiň özüne mahsus täsinliklerini bilýäris, şolaryň biri hem reňkleriň baýramçylygy ýada “Holli” festiwalydyr. Bu baýramçylyk esasan Hindistanda, Bangladeşda, Nepalda we hindileriň ýaşaýan başga döwletlerinde geçirilýär. Bu baýramçylyk Hindi senenamasyna laýyklykda her ýyl dürli senelerde geçirilýär. Reňkleriň, söýginiň we baharyň festiwaly hasdaplanýan bu baýramçylyk gyş paslynyň tamamlanýan, baharyň başlaýan pursatlarynda bellenilip geçilýär. Hind senenamasynda 11-nji aýyň 14-nji güni agşam oduň
ýakylmagy bilen başlanýan bu festiwal ertesi güni reňk baýramçylygyna dönýär.
Reňk festiwalynda adamlar biri-birine reňk zyňyşýarlar, şüweleňiň dowamy köçelerde aýdym aýdýan, tans edýän adamlar bilen dowam edýär. Ýylyň-ýylyna “Holli” festiwalynyň gerimi giňeýär, ýagny ol baýramçylygy belleýänleriň sany artýar.

WEPAÝEWA Roza,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.