Rekordy ýene eline geçirdi
Nepally Phunjo Lama saýýaramyzyň iň beýik nokady bolan Ewerest dagyna iň çalt çykan zenan hökmünde dünýä rekordyny täzeledi.
Alpiniste bu gezek dagyň iň belent gerşine çykmak üçin 14 sagat 31 minut ýeterlik boldy.
Ol dünýä rekordyny täzelemek üçin Alp we Gimalaý daglarynda uzak wagtlap türgenleşik geçdi. Rekordçy dagdan yzyna 24 sagat 26 minutda gaýdyp geldi.
Lamanyň 2018-nji ýylda goýan rekordy 39 sagat 6 minuda barabar bolupdy. Emma 2021-nji ýylda gonkongly Ada Tsan In-hun 25 sagat 50 minutda Ewereste çykyp, bu rekordy täzeläpdi. Ine, indi bolsa Phunjo Lama ýene-de täze rekordyň eýesi boldy.