DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Real Madrid» 12 ýaşly belarus futbolçysy üçin köp mukdarda pul töledi

 12 ýaşly Alekseý Maýorow “Real Madrid” akademiýasy bilen şertnama baglaşdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.

 Belarus futbolçysy karýerasyny madridlileriň U-13 toparynda dowam etdirer. “Patyşalyk kluby” bu futbolçy üçin “Serdanoli” toparyna 120 müň ýewro töledi we bu ýaşdaky futbolçy üçin sarp edilen mukdar boýunça rekord goýdy.

 Alekseýe “Realdan” başga-da, “Barselona” we Ýewropanyň beýleki ýokary derejeli klublary hem gyzyklanma bildirýär. Şeýle-de bolsa, futbolçynyň özi Madride göçmek kararyna geldi.