DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

“Real” “Liwerpul” bilen gepleşiklere başlady

“Real Madrid” “Liwerpulyň” ganat futbolçysy Trent Aleksandr-Arnoldy satyn almak barada gepleşik geçirdi. Bu barada Ispaniýanyň “Marka” neşiri habar berdi.
 Trentiň “gyzyllar” bilen häzirki şertnamasy 2025-nji ýylyň tomsunda gutarýar. Eger madridliler gyşda satyn alyp bilmese, ony tomusda erkin agent hökmünde öz düzümine goşup bilerler.
 Ozal, Aleksandr-Arnoldy Jud Bellingemiň “Reala” çagyrandygy barada habarlar gelip gowuşýardy.