DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

“Real” Kloppy tälimçilige gaýtarar

“Realyň” ýolbaşçylygy Saud Arabystanyna gitmegi meýilleşdirýän Karlo Ançelotiniň ornuna iki dalaşgäri tapdy.

Madridliler uzak wagtdan bäri topara Habi Alonsonyň ýolbaşçylyk etmegini isleýärler. Ýöne, bu hünärmeniň “Baýer” bilen şertnamasy bar.

“Patyşalyk klubynyň”hünärmenleri başga bir tälimçi bilen ylalaşmagy makul bilýärler.

“Todofichajes” neşiriniň habaryna görä, madridliler häzirki wagtda futboldan uzaklaşan Ýurgen Kloppy ýene tälimçilik wezipesine gaýtarmak isleýärler. Germaniýaly hünärmen “Liwerpuldaky” köpýyllyk karýerasyndan soň dynç alyşa çykypdy.