”Real” futbolçysyny başga bir çempionata alyp gitmek isleýär
“Realyň” ganat hüjümçisi Fran Garsiýa karýerasyny Germaniýa çempionatynda dowam etdirmek mümkinçiligine eýe boldy.
25 ýaşly futbolçyny Dortmundyň “Borussiýa” kluby almaga taýýar.
“Todofichajes” neşiriniň habar bermegine görä, klub Garsiýany gyşky transfer wagtynda almagy meýilleşdirýär.
Fran Garsiýanyň madridliler bilen şertnamasy 2027-nji ýylyň ortasyna çenli dowam edýär. Şeýle-de bolsa, goragçy 15 million ýewro öwezine transfer edilip bilner.
Garsiýa “Realyň” okuwçysy hasaplanýar. Ýöne ol arada “Raýo Walekanoda” kärende öwezine oýnady. Soň bu topar goragçyny 2 million ýewro bilen transfer etdi. 2023-nji ýylyň tomsunda madridliler öz okuwçysyny 5 million ýewro töläp, yzyna gaýtardy.