Rasulow: «Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmek mümkinçiligi ýokary»
Özbegistanyň söwda-senagat edarasynyň başlygynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Reşad Rasulow şu gün Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumynyň we Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisiniň açylyş dabarasynda iki halkyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň has ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
― Eger geçen ýylyň dowamynda biziň özara söwda gatnaşyklarymyzyň möçberi
1 milliard amerikan dollaryndan hem geçen bolsa, üstümizdäki ýylda bu möçberi has ýokarlandyrmaga mümkinçiligimiz bar ― diýip, ol öz çykyşynda aýtdy.
Şeýle hem myhman şu ýylyň tomsunda Daşkent şäherinde geçirilen «Türkmenistanda öndürildi» atly serginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolandygyny nygtady.