DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Range Rover Velar» öňküsindenem gowy boldy

Britaniýalylar «Velar» krossoweriniň geçen ýylky täzelenilişi bilen kanagatlanmadylar we 2021-nji ýylda maşyna birtopar goşmaça täzelikleri girizdiler. Onuň reňkini 14 täze öwüşgin bilen doldurdylar, diýip «mail.ru» ýazýar.

«Pivi» we «Pivi Pro» bort mutimediýa ulgamlarynda programma üpjünçiligini «howanyň» üstünden täzelemäge mümkinçiligi, şonuň ýaly-da, «Apple CarPlay» we «Android Auto» simsiz interfeýsi peýda boldy.

Şeýle hem, gowulandyrylan krossowerde «Land Rover» modelleriniň arasynda birinji gezek salonda modernizirlenen howany arassalaýan «Cabin Air Purification Plus» ulgam elýeter boldy. Ol awtomobiliň içinde we daşynda kömürturşy gazyň görkezijilerine laýyklykda iş depgini üýtgedýär, şonuň ýaly-da ugramazdan ozal belli bir ýeriň howasyny arassalap bilýär.

Bulardan başga-da, «Range Rover Velar»-iň üsti «Auric Edition» bilen dolduryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: