- UNCATEGORIZED

«Qingdao Masters 2019» halkara ýaryşyna türkmenistanly türgenleriň ikisi gatnaşar

Hakberdi Jumaýew we Gülbadam Babamuratowa dagylar dzýudo boýunça «Qingdao Masters 2019» halkara saýlaw ýaryşyna gatnaşarlar. Bu barada Halkara dzýudo federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Ýaryş Hytaý Halk Respublikasynyň Sindao şäherinde şu ýylyň 12-nji dekabryndan 14-nji dekabryna çenli geçiriler. Ýaryşa gatnaşjaklaryň sany türgenlere ýeňşiň ýeňil düşmejekdigine şaýatlyk edýär. Mysal üçin, Hakberdi Jumaýew 60 kilograma çenli agram agram derejesinde çykyş eder. Şu agram derejesinde iň güýçli pälwan diýen ady almak üçin 34 türgen göreşer. Gülbadam Babamuratowa bolsa orta 52 kilogram agram derejesinde çykar. Şu agramda birinjiligi almak ugrunda 32 zenan dzýudoçy öz aralarynda güýç synanyşar. Halkara ýaryşyna jemi 69 ýurtdan 474 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň 248-si erkeklerdir we 226-sy zenanlardyr.

Поделиться ссылкой: