Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlandy  

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan bu konsertde akyldar şahyryň sözlerine döredilen aýdymlaryň birnäçesi ýaňlandy. Konsertde Pyragynyň sözlerine we meşhur kompozitorlar Weli Ahmedowyň, Orazgylyç Gurbannyýazowyň, Çary Nurymowyň, Nury Halmämmedowyň, Suhan Tüýliýewiň sazlaryna döredilen aýdymlar Türkmenistanyň halypa we ussat aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector