BIZE YAZYARLAR

Pyragynyň döredijiligi

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerinde umumyadamzat ynsanperwerlik ýörelgeleri uly orny eýeleýär. Öz döwrüniň kynçylyklaryna, durmuşy meselerine çözgüt gözlän şahyr, köplenç , ýitirilen ruhy baýlyklara halkyň ünsüni çekip, ony halal dikeltmäge, täzeden oýandyrmaga çalyşýar.
Milli şahyrly türki halk bu diňe türkmenlerdir – diýip belläp geçýär akademik W.W.Bartolod. Stawrapol Guberniýasynda ýaşaýan türkmenlerden başlap tä Amyderýanyň kenarynda ýaşaýan türkmenlere çenli Magtymguly Pyragyny şol döwürde öz şahyry hasap edipdirler. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde iň köp agzalan, bellenip geçilen tema bu “Çok garaşylan berkarar döwletdir”. Türkmen halkynyň taryhynda, iň çylşyrymly döwründe ýaşan Akyldar şahyrymyz agzybirlik,
garaşsyz döwlet, bagtyýar durmuş baradaky aruwlaryny öz şygyrlarynda beýan edipdir.
“Takatsyz ýüregim lerzana dündi
Ah ursam , tütünim armana döndi
Gözden döken ýaşym ummana döndi
Düwme – düwme ýaşlar aglar halymga”
Magtymgulynyň pikiri merdi götergiläp, namardy depelemek bilen
çäklenmeýär,ol halk hökmünde ýer ýüzünde türkmenleriň gyrlyp ýok
bolmazlygyny, olaryň guwanç duýgysyny, garaşsyzlygy ugrunda göreşmeklerini öz içinde jemleýän syýasy düşünjedir.

ILDEŞOWA Ogulşat,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: