BIZE YAZYARLAR

Pyragyň arzuwlan zamanasynda-toý-toýlaýan iller bagtyýar

Bu gün töweregimiz  läle reýhana

Bark urýar ajaýyp säheriň ysy

Pyragyň arzuwlan zamanasynda

Gül açýar zamanaň,  geljekki nesili.

 

Pyragyň arzuwy, boldy hakykat

Agzybir döwletiň ili bagtyýar

Bu gün bir suprada aş kylyp ilim

Döwlet baýdagynyň toýun-toýlaýar.

 

Erkana ýaşaýan iller bagtyýar

Bir döwlete gulluk edýär türkmenim

Iline dag ýaly Arkadag bolýan

Milli Lider Gahrymanly mekanym.

 

Berk düzgün nyzamly kada-kanunly.

Binýady tutulan synmaz galadan

Konstitusiýasynyň belent binasy.

Daglara şöhlesin paýlaýar nurdan.

 

Mert ärler geçmişde erkinlik üçin

Ata çykyp, şirin jandan geçdiler

Pyragyň arzuwlan ajap eýýamyny

Türkmen nesli üçin wysal etdiler.

 

Pähim paýhas ummanyny kürekläp

Gahryman Arkadag paýhasa besläp.

Ýylyň şygaryny döredip berdi

Arkadagly Serdar, gujurly ýaşlaň

Saýlan ýollaryna şam çyrag boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy J.Ýagmyrowa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: