Häzirki zaman ykdysadyýetiniň iň möhüm meseleleriniň biridir. Bazaryň, ykdysadyýetiň we bahalaryň üýtgäp durmagy her bir adamyň maliýe taýdan sowatly bolmagyny talap edýär. Puly dogry ulanmak girdejiniň artmagyna täsir edýär. Ýaşlykdan maliýe sowatlylygyny özleşdiren adamlar geljekde has ýokary girdeji gazanýarlar hem-de çylşyrymly ýagdaýlarda has gowy çözgüt tapýarlar. Maliýe sowatlylygy bolan ýaşlaryň ýaşaýyşdurmuş derejesini durnukly ýola goýmak bilen ýurduň ykdysady ösüşine hem täsir edip biljekdikleri düşnükli. Puly tygşytlamak esasy maksat däl. Sebäbi tygşytlanan pul herekete getirilmese, onuň bir gysym kagyzdan artyk gadyr gymmaty bolmaýar. Şonuň üçin puluň hereketini, ýagny işjeňligini dogry dolandyrmagyň käbir esasy düzgünlerini bilmek hem hökmanydyr. Tygşytlylyk maliýe taýdan durnuklylyk üçin esasy ädimdir. Ýorgan düşegiň arasynda, bank kartynda duran puluň hümmeti, satyn alyjylyk ukyby pesdir. Eger siz maliýe taýdan erkinlige ýetmek, bar bolan puluňyzdan düşewünt gazanmak isleseňiz, ony dogry dolandyrmagyň aşakdaky düzgünlerine berk eýermelisiňiz. 1nji düzgün. Şahsy býujetiňizi kesgitläň, oňa gözegçilik ediň. Harajatlaryňyzyň sanawyny düzüň. Puly dolandyrmagyň iň möhüm şerti, onuň nireden gelip, nirä harçlanýandygyny bilmekdir.
Bir aýda gelen girdejileriň we edilen çykdajylaryň sanawyny düzüň. Çykdajylary toparlara bölüň. Şonda azyk harajatlary, jemagat tölegleri ýaly zerur çykdajylaryň, mümkin boldugyndan aýlyk girdejiňiziň 60 göteriminden kän bolmazlygyny gazanyň. Galan puluň 40%ini ätiýaçlyk gory ýada möhüm zerurlyklar üçin tygşytlaň. Girdeji alan günüňiz, azyndan onuň 10%ini hökman çykdajylardan öň tygşytlajak boluň. Netijede, şahsy býujetiňizi düzmek bilen, näçe manat tygşytlamalydygyny hemde näçe manat artykmaç pul sowýandygyňyzy görersiňiz. Adamlaryň köpüsi özleri üçin zerur bolmadyk zatlara pul harçlaýarlar, sebäbi jemgyýet ýa-da mahabat olary satyn almaga iterýär.
2-nji düzgün. Gor dörediň, sebäbi adamyň durmuşy hemişe alaýaz bolup durmaýar. Käbir garaşylmadyk ýagdaýlar üçin döredilen serişdegory puly tygşytlamagyň bir täridir. 3 aýda ýa-da 6 aýda zerur çykdajylaryňyza ýeterlik serişde goruny dörediň. Meselem, aýlyk çykdajyňyz 2 müň manat bolsa, 6 müň ýa-da 12 müň manat aralygynda serişde tygşytlamaga çalşyň. Tygşytlanan pul aýlyk zähmet haky bank kartynda dälde, goýum bank kartynda goýulsa, has netijeli bolar.
Häzirki wagtda «Daýhanbank» DTBsi ýyllyk 5% derejesinde ýa-da «Türkmenbaşy» PTBsi ýyllyk 6,5 % derejesinde goýum goýanyňyz üçin size hak töleýär. Belli bir möhlet bilen goýmak hem gerek däl, islendik wagt pullaryňyzy yzyna alyp ýa-da nagt däl görnüşinde ulanyp bilersiňiz. Goýum bank kartyndan nagt däl görnüşinde tölegler geçirilen ýagdaýynda, her bir geçirilen tölegiň 2%möçberi gaýtadan hasabyňyza geçirilýär, ýagny100manatlyk töleg geçirilse, şonuň 2 manady goýum bank kartyňyza gaýdyp gelýär. Muňa «keşbäk hyzmaty» diýilýär. Çykgynsyz ýagdaýlar üçin niýetläp tygşytlan ätiýaçlyk pul serişdeleriňizi sowmazlyga çalşyň.
3-nji düzgün. Bankdan karz alyp, ony dogry peýdalanmak. Dogry ulanylan ýagdaýynda, karz girdeji gazanmagyň möhüm guralydyr. Emma nädogry ulanylsa, maliýe çökgünligine getirýär. Geljekde girdeji getirjek zatlar üçin karz almaly. Mysal üçin, işewürligi ýola goýmak ýa-da gymmaty ýokarlanýan emlägi, harydy satyn almak üçin karz alynsa, özüni ödemäge ukyby ýokary bolýar. Eger siziň ozaldan hem karzyňyz bar bolsa, onda, ilki bilen, ony tiz üzmäge çalşyň. Häzirki wagtda «Türkmenistan» hem-de «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banklary tarapyndan raýatlara 5 ýyl möhletli 150 000 manada çenli sarp ediş karzlary berilýär. Sizony geljekde girdeji getirjek zatlara gönükdirmek üçin hem ulanyp bilersiňiz. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykaran 2269-njy Kararyna laýyklykda işlenilip taýýarlanylan, Türkmenistanyň Döwlet karz edaralarynyň ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan fiziki şahslara – hususy telekeçilere karzlary bermegiň tertibine laýyklykda, telekeçilige täze başlaýan fiziki şahslara iň pes zähmet hakynyň 500 essesine çenli möçberde ýyllyk 5%derejesinde ýeňillikli karzlar berilýär. Möhleti bolsa 7 ýyla çenli, üstesinede, ýeňillikli döwür bilen, ýagny 2 ýylyň dowamynda alan karzynyň esasy bergisini gaýtarmazdan berilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda çykaran PP384 belgili Permanyna laýyklykda, Türkmenistan boýunça bellenilen iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberi 1 410 manat bolup, onuň hem 500 essesi 705 müň manat möçberinde bolýar. Bu möçber hem pikirleriňiziň durmuşa geçirilmegi üçin ýeterlikdir.
ORAZOWA Aýgözel,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
Dil öwreniş bölüminiň 119-nji okuw toparynyň talyby.
