JEMGYÝET

Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary okadylar

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynda okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäheriniň pudaklaýyn kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary gatnaşdylar.

Onda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynda hereket edýän kadalaşdyryjy düzgünnamalary berjaý etmegiň meselelerine seretdiler. Onuň çäklerinde ilkinji guramalarynyň guramaçylyk, medeni-köpçülik we maliýe-hojalyk işlerini, buhgalter hasabyny talaba laýyk ýöremek, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý etmek barada durup geçdiler. Zähmetkeşler üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmäge jemgyýetçilik gözegçiligini artdyrmak, olaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylmaly işler barada-da giňişleýin gürrüň edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: