Gruziýanyň milli ýygyndysynyň hem-de Italiýanyň “Napoli” toparynyň ýarymgoragçysy Hwiç Kwarasheliýa Fransiýanyň çempiony “Pari-Sen-Žermen” toparyna geçdi. Bu barada fransuz topary jemgyýetçilik toryndan habar berdi.
Tejribeli gruzin futbolçy bilen 2029-njy ýyla çenli şertnama baglaşyldy. Futbolçynyň
transferiniň bahasy 70 million ýewro deň boldy.
Gruziýaly futbolçy mundan ozal, 2022-nji ýylda düzümine goşulan Italiýanyň “Napoli”
toparynda çykyş edip, netijeli oýun görkezipdi.
PSŽ taryhyndaky ilkinji gruzin oýunçy bilen şertnama baglaşdy

20
Jan