PSŽ özbegistanly futbolçy bilen gyzyklanýar
Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň sport boýunça geňeşçisi Luiş Kampuş Özbegistanyň milli ýygyndysynyň hem-de Fransiýanyň “Lans” toparynyň goragçysy Abdukodir Husanowyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada metbugat neşirleri habar berýär. 20 ýaşyndaky Husanow 2023-nji ýylyň tomsunda Belaursyň “Energetik-BGU” toparyndan “Lans” toparyna geçipdi. Özbek futbolçy gysga wagtda üstünlikli çykyş edip, fransuz toparyň düzüminde 27 duşuşykda oýnady we öňdebaryjy toparlaryň ünsüni çekdi. Fransiýanyň iň güýçli topary bolan “PSŽ” kluby özbek futbolçy bilen gyzyklanýar, ýöne “Lans” topary geljegi uly bolan futbolçysyny satmagy göz öňünde tutmaýar. Häzirki wagtda bu futbolçynyň bahasy 20 million ýewro deň boldy. Şeýle hem Angliýanyň “Arsenal”, “Ewerton” we “Nýukasl Ýunaýted” toparlary hem Özbegistanyň bu ýaş futbolçyna gyzyklanma bildirýär.