SPORT WE SYÝAHAT

PSŽ Kilianu Mbappeniň deregine Erling Holandy almakçy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermeni» Madridiň «Realyna» gitmegi meýilleşdirýän Kilianu Mbappeni çalşar ýaly adam tapdy. Klub dortmundyň «Borussiýasynyň» hüjümçisi Erling Holand bilen şertnama baglaşmakçy. Bu barada «mail.ru» habar berýär.

PSŽ-niň wekilleri iň gymmat durýan futbolçy hasap edilýän Mbappeni satmakdan gelen puly täze hüjümçini satyn almak üçin peýdalanmagy meýilleşdirýärler.

Bundesliganyň geçen möwsüminde 21 ýaşly Holand «Borussiýanyň» 28 oýnuna gatnaşyp, 27 gol urdy we netijeli bolan alty pökgini berdi.  «Transfermakt» portaly ony 130 million ýewro bahalandyrýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: