Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okuwy tamamlaýan uçurymlaryň hem-de Türkmenistanyň prokuratura işgärleriniň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 11-13-nji noýabry aralygynda zähmet kanunçylygyna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary boýunça düşündiriş wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösen, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary ýetişdirmek hem-de olaryň hukuk sowatlylygyny ösdürmek dogrusynda çykyşlar edildi. Çäräniň dowamynda talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapyp, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda geljekde öz mynasyp goşantlaryny goşjakdygyny ynandyrdylar.
Prokuratura işgärleri TDMI-niň talyplary bilen duşuşdylar
26
Nov
