JEMGYÝET

Pomidorlar biri-birini howp barada duýdurýarlar

Brazil alymlary pomidorlaryň elektrik duýduryşlaryň kömegi bilen miweleriniň düýbüniň beýleki bölekleri we beýleki ösümlikleri zyýan beriji mör-möjekleriň hüjümi barada habar berýändiklerini ýüze çykardylar. Bu baradaky barlaglaryň netijeleri «Frontiers in Sustainable Food Systems» žurnalynda çap edildi, diýip «ТАСС» ýazýar. Barlaglaryň gidişinde alymlar birnäçe düýp pomidory Faradeýiň kapasasy diýlip atlandyrylýan gaba ýerleşdiripdirler. Bu enjam içinkäkileri daşky elekromagnit täsirlerinden goraýar. Onuň kömegi bilen biologiki obýektleriň has gowşak elektrik meýdanyny hem ölçäp bolýar. Miwelerinde pomidorlaryň howply zyýan berijileri bolan gowaça sowkalary peýda bolan dessine bişen we bişmedik pomidorlar elektrik duýduryşlary işläp çykaryp başlapdyrlar. Ösümligiň beýleki böleklerine barmak bilen, bu duýduryşlar olaryň ýaşaýşa ukyplylygyny üýtgedipdirler. Mysal üçin, ösümligiň öýjükleri gurçuklary gorkuzýan wodorod öteturşusyny (perekisini) we beýleki maddalary köp mukdarda çykaryp başlapdyrlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: