1990-njy ýyldan bäri Russiýa Federasiýasynyň 1-nji Kanalyndan bütin dünýäde uly gyzyklanma bilen seredilýan tele gepleşik “Pole çudes” ( Täsinlikleriň meýdançasy) gün geçdigiçe has-da meşhur bolmagyny dowam edýär. Belli žurnalist Wladislaw Listýew tarapyndan oýlanyp tapylan bu telegepleşik ilkinji gezek 1990-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda ýaýlyma goýberilýär. Köpçülikleýin isleg bilen garşylanan bu gepleşik wagtyň geçmegi bilen has-da meşhurlyga eýe bolýar. Bu gepleşik 3 tapgyrda geçirilip her tapgyrda 3 sany bäsleşige gatnaşyjy öz arasynda bäsleşýärler. Jemleýji tapgyrda bolsa 3 tapgyryň ýeňijileri özara bäsleşýärler. Bu gepleşigiň baryşynda oýunyň esasy manysy garşydaşlaryňdan öň gizlin sözi tapmak we özüňe köp bal toplamakdan ybaratdyr.
Bu gepleşigiň muşdaklary üçin ýörite “Pole Çudes” muzeýi döredilen bolup onda gepleşigi alypbaryjy Leonid Ýakubowiçe gowşurylan sowgatlaryň 50 müňden gowrak görnüşi ýerleşdirilendir. Gepleşigi alyp baran alypbaryjylaryň arasynda Leonid Ýakubowiç halk tarapyndan has hem gyzgyn söýgi bilen garşylandy. Ol bu gepleşigiň üsti bilen Russiýanyň iň meşhur ýyldyzlarynyň sanawyna goşuldy. Her hepdäniň Anna güni göni efire çykýan bu gepleşikde tomaşaçylaryň alypbaryja getirýän sowgatlary gepleşigiň has hem uly gyzyklanma bilen tomaşa edilmegine esas boldy. Gepleşige tomaşaçy hökmünde gatnaşýanlar hiçi hili töleg tölemezden oňa gatnaşyp bilýärler. Moskwa şäherinde ýazgy edilýän bu gepleşige gatnaşmak üçin gelýän myhmanlaryň ähli çykdajylary gepleşigiň hasabyna amala aşyrylýar. 30 ýyldan gowrak wagt bäri halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn kabul edilen bu gepleşige dürli ýyllarda dürli kompanýalar maliýe taýdan goldaw berdi.
Arzuw Çaryýewa
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby