DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Pol Makkartni «The Beatles»-iň dargamagynda kärdeşini günäkärleýär

«The Beatles» rok-toparyny esaslandyryjylaryň biri — Pol Makkartni kollektiwiň dargamagyna kärdeşi Jon Lennonyň gitmek barada gelen karary sebäp boldy diýip hasaplaýar. Bu barada toparyň aýdymlarynyň awtory we basisti «Bi-bi-si» teleradio gepleşikler korporasiýasyna beren interwýusynda gürrüň berdi, diýip «ТАСС» ýazýar.

Sazandanyň aýtmagyna görä, Jon Lennon bir gezek otaga giripdir we «The Beatles»-den gidýändigini habar beripdir. «Şol wagt Lennon gitmedik bolsa, topar hereket etmegini dowam etdirerdimi?» diýen soraga ol tassyklaýjylyk bilen jogap beripdir.

Topar 1960-njy ýyldan 1970-nji ýyla çenli hereket etdi. Şondan soň ol dargady we onuň agzalary ýekelikde çykyş edip başladylar. Olardan diňe Makkartni we 81 ýaşly öňki barabançy Ringo Starr çykyhş etmegini dowam etdirýärler. Jon Lennony 1980-nji ýylda gowy görýän diňleýjileriniň biri atdy, çiş keseli bilen dowamly göreşen Jorj Harrison 2001-nji ýylda aradan çykdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: