YLYM WE TEHNIKA

Plutony saýýara däl diýip hasap etdiler

Pluton Gün ulgamynyň iň kiçijik planetasydyr. Onuň meýdany Russiýanyň meýdanyndan sähelçe ulurak, agramy bolsa Aýdan 3 esse kiçi. Pluton buzdan we daşdan ybarat. Onuň 4 sany hemrasy bar. Emma planetanyň ölçeginiň kiçidigine garamazdan, ol astronomiýa we astrofizika ulgamynyň alymlarynyň ünsünden düşenok, diýip, «mail.ru» ýazýar.

Şeýlelikde, alymlar köp ýyllaryň dowamynda plutony we onuň hemralaryny doly öwrenmek bilen  anyk netijä geldiler. Olar ony planeta däl diýip yglan etdiler. Astronomlar bu açyşyny plutonyň planeta diýlip yglan edilmek üçin zerur bolan talaplaryň (kriteriýalarynyň) käbirine laýyk gelmeýändigi bilen düşündirdiler. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: