BIZE YAZYARLAR

Planetamyzda iñ sowuk ilatlaşan ýer

Oýmýakon-biziñ planetamyzda iñ sowuk ilatlaşan ýer hasaplanylýar. Bu ýere diñe dikuçarda , gyşyna gar bilen tekizlenen ýol arkaly baryp bolýar. Ülke juda gazaply sowuk , ýagny bu ýerde -50°C-den pes temperatura adaty ýagdaý, kähalatlarda -60°C , hatda, ondan hem aşak bolýan wagtlary bar. Şonuñ ýaly gazaply şertlerde hem adamlar ýaşap bilýär. Bu sebit özüniñ uzak ömür sürüjileri bilen hem köplere mälimdir. Iñ haýran galdyryjy ýeri bolsa , bu ýerde -60°C bolsa-da , suw doñmaýar. Elbetde , bu ebedilik doñaklygyñ aýratynlyklary , Ýeriñ , topragyñ gatlaklary ýerasty kölleriñ töwereginde juda gaty doñýar, şonda olaryñ göwrümi giñelýär we suwy ýeriñ üstüne “gysyp çykarýar”. Şol çeşmelerden hem şu ýer öz adyny alypdyr. “Oýmýakon” diýmek, ewenekleriñ dilinden terjime edilende “doñmaýan suw” diýmegi añladýar. Şeýle juda sowuk howanyñ esasy sebäbi Oýmýakonyñ çöketlikde ýerleşendigi üçindir. Onuñ töweregini 2 km beýiklikdäki daglar gurşap alan. Bu ýerde hiç wagt ýel , şemal bolmaýar diýen ýaly. Bu sebite köp maşgalaly türki halklaryñ çarwaçylyk bilen meşgullanýan gadymy çarwa maşgalalarynyñ biri göçüp gelipdir. Şonuñ üçin , Oýmýakonda milli gara öýleri görmek mümkindir. Meteorologlaryñ dünýä kartasynda Oýmýakon Indigirka derýasynyñ boýunda ýerleşen ýakut şäherçesi bolup , ol Demirgazyk ýarym şarynyñ sowuk polýusy hökmünde bellenilipdir. Oýmýakonda 1933-nji ýylyñ fewral aýynda temperaturanyñ iñ aşak derejesi -67,7°C hasaba alnypdyr. 1926-njy ýylda rus alymy akademik Sergeý Obruçew bu ýerde temperaturanyñ -71,2°C-e çenli aşaklap biljekdigini ylmy taýdan subut edipdir. Şeýle sowukda simaply termometr doñýar, awtoulaglaryñ tigirleriniñ rezini döwülýär. Öz tebigatyna laýyk Oýmýakonyñ özboluşly täsin atlary bar. Ol atlaryñ deri örtügi galyñ we tüýlek , edil aýy ýalydyr. Olaryñ gür tüýleriniñ onlarça santimetr uzynlygy bar. Käbir alymlar bu seýrek duş gelýän ýakut atlaryny mamontlaryñ ýaşytdaşy diýip hem hasaplaýarlar.

PÄLWANOWA Aýsoltan,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyñ
Tebigy bilimleri fakultetiniñ 4-nji ýyl talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: