YKDYSADYÝET

Pile ― 2023: zähmet bäsleşiginiň ýeňijileri

Ozal hem habar berlişi ýaly, Lebap welaýatynda yglan edilen «Ussat pileçi» atly bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Bäsleşigiň şertlerine görä ýeňijiler meýilnamalaryny ilkinji bolup ýerine ýetirişleri we gazanan ýokary netijeleri boýunça kesgitlenildi. Ýeňijilere welaýat häkimliginiň Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň ilkinji şertine görä, birinji orna welaýatda ilkinji bolup pile tabşyrmak boýunça meýilnamasyny 107 göterim ýerine ýetiren Kerki etrabynyň ýüpekçileri mynasyp boldular.

Öňdebaryjy daýhan birleşikleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda pile tabşyrmakda pellehana ilkinji bolup gelen, tabşyrygy 101,8 göterim ýerine ýetiren Köýtendag etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşigine birinji orun berildi.

Bäsleşigiň şertleri boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny welaýatyň ýüpekçileriniň arasynda ilkinji bolup ýerine ýetiren Kerki etrabynyň «Hatap» daýhan birleşiginiň ýüpekçi kärendeçisi Gözel Nazargylyjowa (44 kilogram) birinji orny eýeledi.

Welaýat häkimligi tarapyndan yglan edilen «Ussat pileçi» atly bäsleşikde ýokary netijeleri gazanyp, iň köp pile tabşyran etraplaryňdyr daýhan birleşikleriniň, şeýle hem ýüpekçiniň atlary hem yglan edildi.

Bäsleşigiň şu görnüşi boýunça pile tabşyrmak boýunça meýilnamasyny 108,1 göterim berjaý eden Kerki etraby ýeňiji boldy.

Welaýatda iň ýokary netije gazanan daýhan birleşikleri hem sylaglanyldy. Bäsleşigiň şu görnüşinde meýilnamasyny 177,9 göterim berjaý eden Saýat etrabynyň «Rahmançäge» daýhan birleşigi birinji, 160,5 göterim berjaý eden Saýat etrabynyň «Soltanýazgala» daýhan birleşigi ikinji, 126,9 göterim berjaý eden Saýat etrabynyň Ylmy önümçilik synag merkezi üçünji orunlary eýelediler.

Welaýatyň daýhanlarynyň arasynda iň ýokary netije gazanan ýüpekçiler hem kesgitlenildi. Saýat etrabynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçi kärendeçisi Güller Şiriýewa 130 kilogram pile ýygnap, şertnamalaýyn borçnamasyny 308 göterim ýerine ýetirendigi mynasybetli birinji orna we öňdebaryjy pileçi adyna mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: