DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Peterburguň kitaphanaçylary telefon arkaly erteki okap bererler

«ТАСС»-yň ýazmagyna görä, Sankt-Peterburguň Frunze etrabynyň kitaphanasy koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeler wagtynda uly meşhurlyga eýe bolan telefon arkaly erteki okamak taslamasynyň kämilleşdirilen görnüşini goýberdiler. Indi bu mugt hyzmatdan diňe çagalar däl-de, ulular hem peýdalanyp bilerler, diýip guramaçylar habar berdiler.
Olar ertekilerden başga-da, kitaphananyň gaznasyndaky beýleki kitaplary hem okap bererler.
Taslamanyň wekilleri «ТАСС»-a häzirki wagtda kitap okap bermägea 12 işgäriň gatnaşýandygyny aýdypdyrlar.
«Ertekiçilere» jaň edenler bilen dürli baýrakly bäsleşikleri geçirmek hem göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply