Pensioneriň ýerinde 22 kilogram 575 gram agramly kädi ýetişdi

Oct 19, 2020

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Jumamyrat Halmanowyň ýaýla ýerinde äpet kädi ýetişdi. Onuň agramy 22 kilogram 575 grama barabar boldy.
Pensioner Jumamyrat Halmanow wagtynyň köp bölegini bagçylyk üçin bölünip berlen ýerde geçirýär. Onuň ýerinde alma, ülje, erik, üzüm ýaly miweli agaçlar ösýär, olaryň ýanynda gök önümleriň birnäçe görnüşini hem ýetişdirýär. Ýaýla ýeriniň eýesiniň aýtmagyna görä, ekinleri iýmitlendirmek üçin mineral dökünlerden peýdalanmaýar. Topragy gurplandyrmak üçin her ýyl ýörite ders taýýarlaýar. Ony satyn almak üçin hem hiç hili serişde harçlamaýar. Sebäbi ýaýla ýerinde ideg edýän sygyryň aşagyndan çykýan ders topragy gurplandyrmak üçin ýeterlik bolýar. Üstesine-de, ýetmiş töweregi towuk hem saklaýar. Olaryň dersiniň düzüminde bolsa köp mukdarda tebigy azot bar. Şeýlelikde, pensioneriň dökün meselesi öz özünden çözülýär. Netijede, ol özüni diňe bir dökün bilen däl, eýsem, gök önümler, miwe, süýt we ýumurtga bilen hem üpjün edýär. Bakja önümlerinden bolsa diňe kädi ýetişdirýär.
Jumamyrat aganyň aýtmagyna görä, ol kädä ýöriteläp garaşyk etmändir, ol öz-özünden şeýle ulalypdyr.
Dünýäde uly kädileri ýöriteläp ýetişdirmegi pişe edinýän adamlaram bar. Olaryň biri — belgiýaly Mattias Willemaýn 2016-njy ýylda göz öňüne getirip bolmajak ululykdaky kädini ýetişdiripdi. Onuň agramy 1190 kilograma barabar bolupdy. Bu tohumlyk öküziň ýa-da ýaşajyk piliň agramyna barabardyr. Ol 8000 çanak kädili çorba bişirmek üçin ýeterlikdir.
Ol bu kädini Lýudwisburgda kädi ölçemek boýunça geçirilýän ýewropa çempionatyna gatnaşmak üçin ösdüripdir. Mattias oňa günde 500-den 1000 litre çenli suw beripdir.
Türkmenistanda iň uly kädi Daşoguzly mugallym we höwesjeň bagban Ýegendurdy Dowulbaýewe degişli. Ol şu ýyl agramy 166 kilogramdan geçýän kädi ösdürdi we özüniň 2017-nji ýyldaky rekordyny täzeledi. Şol ýyl ol 160 kilogram agramly kädi ýetişdiripdi.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: