TÜRKMENISTAN HABARLARY

Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby bilen tanyşdyryldy

Pekin şäheriniň «Green Rivers Manor» myhmanhanasynyň Medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.
Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly eseriniň möhüm ähmiýetini nygtamak bilen, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň öçmejek döredijiliginiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň, Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dabaralanýan döwründe aýratyn mana eýe bolýandygyny bellediler.
Magtymgulynyň meşhur «Türkmeniň» goşgusynyň türkmen talyplary tarapyndan türkmen we hytaý dilinde çeper okamagy çärä aýratyn öwüşgin berip jemledi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasy tarapyndan hytaý hyzmatdaşlaryna we türkmen talyplaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň nusgalary we Magtymguly Pyragynyň hytaý diline terjime edilen goşgular ýygyndysy sowgat berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: