SPORT WE SYÝAHAT

Pekindäki gyşky Olimpiýa Oýunlarynda medal almakda Norwegiýanyň türgenleri birinji orunda barýarlar

6-njy ýanwaryň jemleri boýunça Pekinde geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlarynda Norwegiýanyhň türgenleri medal almakda öňe saýlandylar. Olar iki altyn we bir bürünç medal gazandylar.

Ikinji orny iki altyn medal bilen Şwesiýanyň türgenleri eýelediler. Olaryň yz ýanyndan Milli olimpiýa baýdagy bilen çykyş edýän russiýaly türgenler barýarlar. Olaryň hasabynda bäş — bir altyn, iki kümüş we şonça-da bürünç medal bar.

Germaniýanyň we Niderlandiýanyň hersi bolsa iki — bir altyn we bir kümüş medala mynasyp boldular. Awstraliýanyň, Ýaponiýanyň we Sloweniýanhyň türgenleriniň hersi hem iki — bir altyn we bir bürünç medalyň eýeleri boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: