Pederleriň paýhasyna ser salsak
Halkymyzyň tebigat hadysalary bilen baglanyşykly ýerine ýetirýän dessurlarynyň aňyrsynda durmuş hakykaty öz beýanyny tapýar.
Adamlar täze Aý doganda ony ýüze sylyp ýagşy dilegler edýärler. Aý kümüş reňkdedir. Türkmen dilinde gaty gadymy zamanlardan başlap, gara sözi Aýyň dogýan tarapy bolan Günbatary aňladypdyr. Bizde gaýranyň demirgazykdygy mälimdir. Şol bir wagtda-da gaýra – ýeňse, arka tarapyň aňladylmasydyr. Eger arkaňy demirgazyga öwrüp dursaň, onda günbatar sag tarapynda ýerleşýär.
Gadymy eždatlarymyz Aýyň inçejik bolup dogmagyny, ýuwaş-ýuwaşdan dolup, tegelenip, soňam asmandan ýitmegini, birnäçe wagtdan soň ýene-de inçejik görnüşde gaýtadan dogmagyny ynsan ömri bilen baglanyşdyrypdyrlar.
Indi bolsa öküz sözi barada. Bu sözüň «buga» diýen manydaş sözi hem bar. «Buga» sözi bilen bir hatarda «baga» sözi-de türkmen dilinde giňden ulanylýar. Mysal üçin: pyş – baga, gur – baga. Şu manyda baga, umuman, jandar manysyny berýär. «Baga» – buga sözüniň iň gadymy görnüşidir.
Galyberse-de, türkmen dilinde mör-möjekleri aňladýan atlar bilen süýdemdirijileriň umumy adyny aňladýan sözleriň arasynda many gatnaşygyň häsiýetlidigini görmek bolýar. Gara maly aňladýan baga sözüniň pyşbaga, gurbaga ýaly goşma sözleriň düzüminde gelmeginde hiç hili geň-taňlyk ýokdur. Baga sözi ilkibaşda jandar, soňra bolsa süýdemdiriji mal manysyny beripdir.
Biziň ata-babalarymyzyň bişirilmedik toýundan ýasan buga heýkeljikleri topragyň hasyllylygyna özboluşly täsir etmegiň serişdesi bolupdyr. Ýere taşlanan – sürülen topraga taşlanan heýkeljikler Buganyň ukusyny, güýz şol ýerden alynýan hasyl bolsa onuň gaýtadan döreýşini alamatlandyrylypdyr. Şeýdip, ata-babalarymyz tebigatyň her ýylky öwrülişigini öküziň keşbiniň üsti bilen göz öňüne getiripdirler.
Alma Mamedowa,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.